JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk we nebitgaz geňeşçileri wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işlere seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda nebitgaz we oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçileri wezipelerini girizmek baradaky resminamalara gol çekdi.

Şol resminamalara laýyklykda, Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi.

Şeýle hem Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi.

 

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi