JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşýar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan «Tashkent City» Halkara işewürlik merkezininiň Kongres merkezinde wekiliýet ýolbaşçylarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, YHG-nyň 16-njy sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Sammitiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda YHG-nyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ulgam gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şeýle-de serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy, anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan Maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi-de teklip edýändigini aýtdy.

Çykyşynyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýene bir wajyp ugur — energetika barada hem aýratyn durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň başlygy wezipesine saýlamagy teklip etdi.

Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi.  Türkmenistanyň başlyklygynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä ýüzüne äşgär edipdi.

Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty