Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, söhbetdeşler Türkmenistanda we Ýaponiýada yzygiderli geçirilýän sergileriň, Medeniýet günleriniň hem-de beýleki medeni çäreleriň, döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almagy hem-de tejribe okuwlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalaryna oňyn täsir edýär.
Ýurtlarymyzyň arasynda syýasat, söwda we ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
