JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Kakageldi Atajanowiç Saryýewiň terjimehaly

Kakageldi Atajanowiç Saryýew 1978-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň Mawyteber obasynda doguldy. Milleti türkmen.

1985 — 1995-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 9-njy orta mekdepde okady.

1995 — 1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.

1999-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň «Maryazot» önümçilik birleşiginiň4-nji derejeli bejeriji ussasy bolup işledi.

2000-2001-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2001-2002-nji ýyllarda Mary welaýatynyň «Maşyngurluşyk» zawodynda inžener-tehnolog bolup işledi.

2002-2003-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň uly laboranty bolup işledi.

2003 — 2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.

2005 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy, senagat-tehnologiýa fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.

2013 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy, senagat-tehnologiýa fakultetiniň dekanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.

2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory wezipesinde işleýär.

2020-nji ýylda tehniki ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Kakageldi Atajanowiç Saryýewiň maksatnamasy

Meni iň ýokary döwlet wezipesine — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlän Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyna hoşallygymy bildirmek bilen, ähliňiziň işiňizde uly üstünlik gazanmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, medeniýetde, oba hojalygynda we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy.

Ýurdumyzda hukuk ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde milli kanunçylygymyzyň döwrebap ösdürilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly we sazlaşykly bolmagy üpjün edilýär. Geljekde hem pähimdar  ata-babalarymyzyň mukaddes ýol-ýörelgelerine, ruhy gymmatlyklarymyza we dünýä tejribesine esaslanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, mähriban Watanymyzda parahatçylygy, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi dowam etdiriler.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniňöndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze, döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti, sanly  tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeňösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek babatda zerur tagallalar ediler.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bilim, ylym we innowasiýalar bolup durýar. Ylym, bilim ýurdumyzda geçirilýän durmuş özgertmelerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan geljekde hem ylmyň, bilimiň ösdürilmegine uly üns berler.

Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin daýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işi oba hojalyk ekinlerini ösdürmegiň möçberini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmaga, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge, şeýle-de bu ulgamda hususy bölegiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk hem ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdiriler.

Welaýatlarda senagat önümlerini gönüden-göni ýerli we daşary bazarlara çykarýan, bäsdeşlige ukyply kärhanalary döretmeli hem-de olaryň kadaly ösüşini üpjün etmeli, innowasiýalary, sanly ulgamy, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenmegini çaltlandyrmaly.

Türkmenistan iň iri energetika döwletleriniň biridir. Ýurdumyz nebit we gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu pudaga uly möçberlerde maýa goýumlaryň goýulmagy dowam etdiriler. Täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak, özleşdirmek boýunça işler alnyp barlar. Nebit önümleri we tebigy gaz bilen ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini doly üpjün edip, bularyň dürli ugurlar boýunça daşary bazarlara ugradylýan möçberleri yzygiderli artdyrylar.

Garaşsyz Diýarymyzda elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň çäklerinde täze, döwrebap elektrik beketlerini gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, şol sanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça işler alnyp barlar. Elektrik energiýasynyň öndürilişi we daşary bazarlara ugradylýan möçberleri ýyl-ýyldan artdyrylar.

Ýurdumyzyňähli ýerlerinde hemme amatlyklary bolan, akylly ulgamlar ornaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üstünlikli dowam etdiriler. Gurluşyk toplumynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegi gazanylar.

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamy milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän we geljegi uly bolan pudaklarynyňbiridir. Ýurdumyz tarapyndan bu ulgama goýlan maýa goýumlar geljegi uly bolan halkara ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir. Geljekde içerki hem daşarky gatnawlara hyzmat edýän awtomobil, demir, howa we suw ýollarynyň parklarynyň häzirki zaman ulag serişdeleri bilen üsti ýetiriler. Ýurdumyzyň içindäki awtomobil ýollaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek işleri çalt depginler bilen alnyp barlar.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň, dürli minerallar bilen baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň dowam etdirilmegi, iň döwrebap tehnologiýalar esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalaryň, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagy ata Watanymyzyň rowaçlygy, häzirki hem-de geljekki nesilleriň bagtly durmuşda, abadançylykda, sagdyn ýaşamaklary üçin şert döreder.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, tebigatyň gözelligini geljek nesiller üçin gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly alnyp barylýan asylly işler dowam etdiriler.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi, myhmanhanalaryň  we şypahanalaryň gurulmagy yzygiderli dowam etdiriler.

Halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygar esasynda oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasatymyz üstünlikli dowam etdiriler.

Aýdyň geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada hem elmydama ýurdumyzyň baş aladasy bolmagynda galar. Ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary babatda kabul edilen kararlardyr kanunlary, maksatnamalary, uly özgertmeleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirmek biziňbaş maksadymyz bolar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglyk, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary düýpgöter täze ösüşleri nazarlaýar. Welaýatlaryň ählisinde täze, häzirki zaman saglyk merkezleri, hassahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar, sport desgalary gurlup ulanmaga berler.

Saýlawçylar maňa ynam bildiren ýagdaýynda, güneşli ýurdumyzy mundan beýläk hem has-da ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny we mertebesini ýokarlandyrmak üçin yhlasymy gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Perhat Guwançgulyýewiç Begenjowyň terjimehaly

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri