DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti kitaby Fransiýada tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Bu çäre, Pariž şäherindäki Ilçihanada Fransiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan fransuz ýaş talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde talyplar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysady potensialy we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy barada jikme-jik maglumat aldylar. Ilçi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna we häzirki ýagdaýyna ünsi çekdi we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özleriniň çalt ösýändiklerine we özara gyzyklanmalaryna ünslerine çekdi.

Prezidentiň kitabynyň tanyşdyrylyşy, döwletiň ýaşlara edýän aladasyna we Türkmenistanyň ýaş nesliniň bilim we ylymdan sporta çenli dürli ugurlarda gazananlaryna talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ýaş türkmen raýatlarynyň öňünde durýan möhüm meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen türkmeniň beýik şahyry, pelsepeçisi we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça döwlet we halkara işler barada belläp geçildi.

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri