JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambelýasynyň 76-njy mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşyp, öz çykyşyny amala aşyrdy. Bu barada BMG-niň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi, koronawirus ýokanjyna garşy göreş, Aral deňzi boýunça ekologiýa betbagtçylygynyň öňüni almak babatda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

BMG-niň resmi sahypasynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda dünýä has ygtybarly ýere öwrülmedi we halkara jemgyýetçiligi halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we birek-birege ynam döretmek maksady bilen çäreleri görmeli – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda  “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek boýunça başlangyjyny öňe sürdi.

Habarda bellenilip geçilmegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti koronawirus ýokanjyna garşy göreş meselesine degip geçip, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bu ugurda edilýän tagallalaryň entek ýeterlik däldigini belläp, Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda şu halkara we sebit gurallaryny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny; Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak barada teklipleri öňe sürdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Owganystanyň syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, owgan halkynyň abadançylygy we agzybirligi bilen içgin gyzyklanylýandygyny belledi.

“Şol bir wagtyň özünde, gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar bilen çözmegiň tarapdarydyrys” -diýip bellemek bilen Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan, öňküsi ýaly Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegi berer” diýip, belländigi aýdylyp geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygynyň netijelerini azaltmak meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen, BMG Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistan sebitdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Aral deňziniň basseýni üçin BMG-nyň ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda giň tagalla edýändigini mälim etdi.

 

GaraÅŸsyzlyga bagyÅŸlanan sergi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady