DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy.

Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna geldi. Munuň özi ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça başy başlanan iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Gurluşyk meýdançasynyň çäginde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge we ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow taslamalar, olary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän umumy görnüşiniň çyzgylary, onuň eksport ugurlary, şol sanda Türkmenistandan goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny hem-de ugurlaryny görkezýän taslamalar, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň çyzgylary we taslamalary, şeýle-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarydyr taslamasy, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy hem-de onuň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýandygyny, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygyny bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryny häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrmak, onuň önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamy emele gelýär. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden welaýatyň Görogly etrabyndaky “Garagum” maldarçylyk hojalygyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň ulagy şu günler aýratyn gözel görnüşe eýe bolan Garagum sährasynyň giňişligi boýunça ýola düşdi. Ýylyň bu paslynda sähranyň ösümlik dünýäsi we özboluşly tebigy görnüşi ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ekologik abadançylygy saklamak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bolsa sähra çäklerinde dowardarçylygy we düýedarçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Diýarymyzda maldarlaryň zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan oňyn mümkinçilikleriň döredilmegi we maldarçylyga işi ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy pudagyň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Munuň özi çopanlaryň iş şertleriniň has-da gowulanmagyna ýardam berip, olary tutanýerli zähmet çekmäge höweslendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garagum” maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýewiň goşuna geldi. Bu ýerde düýe çopany Arkadagly Serdarymyzy mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz çopanyň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy, maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

“Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz düýe malyna aýratyn gadyr goýýar. Arkadagly Serdarymyz düýe malynyň ähmiýeti, onuň süýdüniň, ýüňüniň, çalynyň we agaranynyň ynsan saglygyna peýdasy barada çopan bilen pikir alyşdy.

Düýe çopany Arkadagly Serdarymyza çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen gürrüň berdi hem-de ähli oba zähmetkeşleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini guwanç bilen nygtady. Şeýle-de ol uly hormat bilen Arkadagly Serdarymyzy “ak öýe” girmäge çagyrdy.

Atamyrat Işanberdiýew düýeleriň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeleýändigini, arwana tohumly düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgalasy bilen bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygyny aýratyn nygtady we döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba zähmetkeşleriniň, şol sanda maldarlaryň durmuş we iş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada ediljekdigini belledi we çopana alyp barýan asylly işinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyny arzuw etdi. Arkadagly Serdarymyz çopanyň alyp barýan netijeli zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa özüniň sowgatlaryny gowşurdy.

Sarwan bildirilen hormat we gowşurylan sowgatlar üçin ähli maşgala agzalarynyň, düýedarlaryň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýe çopanyna il içinde uly hormatdan peýdalanýan käriň eýesi bolmagyň parz işdigini aýdyp, asylly işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden awtoulagda dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. Arkadagly Serdarymyz ýolugra Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik dünýäsini synlady.

Häzirki döwürde Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi ylmy esasda öwrenilýär. Şunda türkmen halkynyň milli baýlygy bolan tebigatymyzy aýawly saklamak, onuň bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn, ylmy esasda çemeleşmek wajyp hasaplanýar. Türkmen topragynyň baý hem-de köp dürli ösümlik dünýäsi, şol sanda Garagumuň giňişliklerinde bitýän ösümlikler ýurdumyzda maldarçylygyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Guşuçar belentlikden sebitiň çäklerinde bar bolan suw akabalary, Türkmen derýasynyň we Şasenem derýasynyň ugurlary görünýär. Şunda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, suw gorlaryny talabalaýyk ulanmak meseleleriniň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemeli. Köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, bar bolan suw gorlaryndan netijeli peýdalanylmagy ilatyň saglygyny goramakda, durmuş we ekologik abadançylygy, azyk bolçulygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, uçuş mahaly ýanynda bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi A.Ýazmyradowa sebitiň suwaryş ulgamlaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak işleriniň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda, aýratyn-da, Daşoguz welaýatynda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň aralygyndaky amatly hasaplanylýan künjekde uly göwrümli suw howdanyny gurmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki döwürde welaýatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iri göwrümli suw howdanlaryny gurmak, häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de Şasenem derýasynyň akabasyna beton örtügini düşemek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulýan çäreleriň netijesinde Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi düýpli gowulandyrylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zaman ylmynyň täze gazananlaryna laýyklykda dowam etdirilmelidigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda ekerançylygy ösdürmek we suwdan netijeli peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplandy. Şeýlelikde, suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, hojalyk zerurlyklary üçin kadaly şertleri kemala getirmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary häzirki zamanyň ösen tejribeleri esasynda yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi we bu babatda A.Ýazmyradowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Uçuşy tamamlap, hormatly Prezidentimiziň dikuçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Döwlet Baştutanymyzyň Daşoguz welaýatyna toý sapary dowam edýär.

 

Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy

Ýene-de okaň

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady