JEMGYÝET

Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şu ýylyň noýabr aýynda ynsanperwer kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Bu ynsanperwer ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerinden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr.

Dost-doganlyk, goldawa mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek hem-de kömek etmek milletimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegidir. Şunuň ýaly ynsanperwerlik kömegi çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlar üçin ruhy daýanja öwrülýär.

Gazna esaslandyrylan pursadyndan bäri iş ugurlaryny yzygiderli giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi