JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

«Umyt» Marsdan surat iberdi

Geçen hepdäniň sişenbe güni Marsyň orbitasyna giren Birleşen Arap Emirlikleriniň «Hope Probe» (Umyt älem gämisi) älem gämisiniň wekiliýeti bu ýerdäki wezipeleriniň çäklerinde gyrmyzy planetadan ilkinji suraty Ýere ugratdy.

Abu Dabi emirliginiň mirasdüşer şazadasy Şeýh Mohamed bin Zaýed Al Nahaýanyň düýnki beýanatynda bu barada: «Älem gämisiniň Marsdan ilkinji suraty ýollamagy taryhymyz üçin aýratyn şanly sahypadyr. Bu BAE-niň älem giňişliginde öz ornuny tapyp bilen ösen döwletleriniň hataryna goşulandygyny görkezýär» diýdi.

Şeýlelikde, BAE gyrmyzy planeta ýetip bilen bäşinji, arap döwletleriniň arasynda bolsa ilkinji ýurt boldy. Ol taryhda ilkinji gezek Marsdaky atmosferanyň doly suratyny almaga synanyşar. «Umyt» şol bir wagtyň özünde gyrmyzy planetadaky pasyllaryň we günüň çalşygyna gözegçilik etmekçi. Bu maglumatlar tutuş astronomiýa ylmy üçin iňňän peýdaly bolup biler. Şeýle hem arap gämisi suw we howa damjajyklaryň Marsda nähili hereket edip bilýändigine hem gözegçilik eder.

 

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki 

Related posts

“Minecaft” ― XXI asyryň iň gowy wideooýny

vepa

Içeri işler we Adalat ministrliklerinde onlaýn hyzmatlaryň sany köpelýär

Türkmenistan, Kayseri’deki terör saldırısını kınadı

vepa