JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletleriň Baştutanlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem taraplar halkara we sebitara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Uyuşturucu ve kaçak sigaralar yok edildi

vepa

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine Daşary ýurt Liderlerden gutlaglar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda emeli aň boýunça täze halkara başlangyçlaryny öňe sürer

Ata Watan Eserleri