Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýada saparda bolmagynyň çäklerinde bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň dowamynda bu ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň ähmiýeti barada belledi.
Şunlukda, iki ýurduň arasynda hereket edýän Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmak babatda nygtaldy.
Hususan-da, taraplar «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekdiler.
Şeýle hem, ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň geçirilendigi barada bellenildi. Bu babatda, iki ýurduň parlamentarileriniň halkara guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň dostlukly başlangyçlaryny goldamaklarynyň ähmiýeti dogrusynda pikir alşyldy.
Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän parlamentleriň derejesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar bu ugurda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasy we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
