BIZNES

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada çykyş edildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdji Jepbarow “Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri” atly mowzuk bilen çykyş edip, Türkmenistanyň bu ugurdaky gazanan üstünliklerini daşary ýurtly maýadarlara tanyşdyrdy.

Şol çykyşdan käbir maglumatlar:

  • Türkmenistanda birnäçe iri ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy.
  • Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy.
  • Kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksatnamasy.
  • 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň maksatnamasy.
  • 2019-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary üçin ykdysady görkezijiler:
  • Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim.
  • Daşary söwda 15,3 milliard dollar.
  • Eksport 9,4 milliard dollar.
  • Import 5,8 milliard dollar.
  • Daşary söwda balansy 3,6 milliard dollar.
  • Türkmenistanda hususy pudaga goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen olara ýeňillikli karzlar, ýeňillikli salgyt ulgamy we beýleki amatlylyklar döredilýär.
  • 2019-njy ýylda Türkmenistanyň haryt eksport eden ýurtlarynyň sanawynda öňdeligi Hytaý çekýär. Şeýle hem ilkinji bäşlikde Owganystan, Russiýa, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlar bar. Hytaýa degişli döwürde 6 milliard 568 million dollarlyk eksport amala aşyryldy. Şol döwürde Türkiýe Respublikasyna 437 million dollarlyk eksport edildi.
  • Türkmenistanyň günbataryndaky Gyýanly polimer zawodynda polipropilen we polietilen öndürilýär. 2020-2028-nji ýyllar boýunça girdeji taslamasyna laýyklykda her ýyl 361 million dollar polietilen we 76 million dollarlyk polipropilen eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda gazhimiýa, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, oba senagaty we himiýa senagatynda karz serişdeleri özleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy