SPORT

Türkmenistanyň “Iň ökde tälimçisi” hem-de “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2020-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Geçirilen ýygnanyşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň internet saýtynda bellenilip geçilýär.

FUTBOL ÇEMPIONATYNYŇ ÖŇDEBARYJYLARY

  • Geçirilen ses berlişigiň netijesinde Türkmenistanyň Futbol çempionatydyr Kubok bäsleşiginde çykyş eden futbolçylaryň arasynda “Altyn Asyr” toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüm netijeli urgularyň 35-sini geçiren Altymyrat Annadurdyýew “Iň köp top geçiren oýunçylaryň” arasynda hem öňdeligi eýeledi.
  • “Iň ökde tälimçi” diýlip, “Altyn Asyryň” tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew saýlanyldy. Geçen möwsümde Ýazgulynyň tälimçiligindäki “Altyn Asyr” ýedinji gezek futbol çempionatymyzy ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň topary Ýurdumyzyň Kubogyny bäşinji gezek asmana göterdi. Mundan başga-da, “Altyn Asyr” Naýbaşy Kubogynda hem ýeňşini baýram etdi.
  • Türkmenistanyň çempionatynda az sanly jerime toplan Marynyň “Merwi” “Adalatly oýun görkezen “topar” diýlip yglan edildi.

Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň adyndan ýörite diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijilere sowgatlary TFF-niň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurydy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn Asyr”) – derwezeçi; Mekan Saparow, Zafar Babajanow (ikisi-de “Altyn Asyr”), Gurbanguly Aşyrow, Güýçmyrat Annagulyýew (ikisi-de, “Ahal”) – goragçylar; Resul Hojaýew ( “Altyn Asyr”), Yhlas Magtymow (“Şagadam”), Elman Tagaýew (“Ahal”), Nazar Towakelow (“Aşgabat”) – ýarym goragçylar; Altymyrat Annadurdyýew, Mihail Titow (ikisi-de, “Altyn Asyr”) –  hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Batyr Babaýew (“Ahal”) – derwezeçi, Bahtiýar Hojaahmedow (“Şagadam”), Möwlam Goşşanow, Serdar Baýramow (ikisi-de “Köpetdag”), Serdar Annaorazow (“Ahal”) – goragçylar; Yhlas Saparmämmedow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi-de “Köpetdag”), Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”), Ilýa Tamurkin (“Ahal”) – ýarym goragçylar; Murat Ýakşiýew (“Ahal”), Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – hüjümçiler.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Ata Watan Eserleri