DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi bilen Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygynyň arasynda ýygnak geçirildi

Türkmenistanyň Katar döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow bilen Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň başlygy Hasan bin Abdullah Al-Ganimiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we ykdysadyýet, maýa goýum, medeniýet, syýahatçylyk, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň we gurluşlaryň çäklerindäki türkmen-katar parlamentara gatnaşyklar söhbetdeşligiň aýratyn bölegi boldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky parlamentarа hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlamentler, olaryň komitetleri we toparlary derejesinde gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki çäreleri guramak, şeýle hem parlamentleriň wekiliýetlerini alyşmak babatynda teklipler hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellendi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri