DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçihanasy Tbiliside Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň ilçihanalary özleriniň milli tagamlary, süýjülikleri hem-de halk senetçilik önümlerini hödürlediler.
Türkmen pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, nesip elde dokalan halylar, suratlar, milli egin-eşikler, şaý-sepler we sowgatlyklar bilen bezeldi.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkiminiň orunbasary K.Guledani, Tbilisi şäher geňeşiniň başlygy G.Tkemaladze, şeýle-de ilçiler gutladylar.


Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Nowruz galkynyşyň, gülläp ösmegiň we täzelenşiň nyşany bolmak bilen halklary birleşdirýändigini hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine binýadygyny nygtady. Ol şu günki çäre ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarynda dostluk we özara düşünişmek ugrunda alnyp barylýan işleri berkitmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny aýtdy.
Ol çäräni gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri