DÜNÝÄ

Türkmenistanyň halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasy döredildi

Türkmenistanyň halkara resminamalarynyň sanly kitaphanasy döredildi. Halkara resminamalaryň sanly kitaphanasy Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezýän maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Sanly kitaphana özünde birnäçe bölümçeleri jemleýär. Bu ýerde “Türkmenistanyň Bitaraplygy”, “Ekologiýa diplomatiýasy”, “Energetika diplomatiýasy”, “Medeniýet diplomatiýasy”, “Sport diplomatiýasy”, “Parlament diplomatiýasy”, “Ulag diplomatiýasy”, “Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary”, “Parahatçylyk we howpsuzlyk” we “Türkmenistan – Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda” atly bölümçeler ýerleşdirilipdir.

Täze maglumat çeşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilip, ol türkmen, iňlis we rus dillerinde hyzmat edýär. Bu resminamalaryň sanly kitaphanasyna  şu ýere basyp girip bilersiňiz

Bu kitaphana okyjysyna esasy halkara resminamalarynda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri