SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň täze menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda öňe süren ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli teklipleri tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw bilen garşylanylýar. Türkmenistan özüniň ägirt uly energiýa gorlaryny dünýä bazarynyň wajyp çäklerine ýetirmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy bähbitleriniň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän sebit we umumadamzat ähmiýetli köpugurly iri taslamalarynyň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) hem-de Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijileri aýratyn bellärliklidir.

Gözbaşyny «Galkynyş» gaz käninden alyp gaýdýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýeti onuň bir wagtda birnäçe döwletiň ilatly ýaşaýyş nokatlarynyň «mawy» ýangyja bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Günorta Aziýa sebitinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge hem şert döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu iri taslama sebitiň ýurtlarynyň gülläp ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder. Bu şertler, öz nobatynda, durnukly ösüşiň esasy «sütünleri» bolup, olarda energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşy saklanýar.

TOPH diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaý bolup, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýär. Ol Merkezi Aziýa, Orta Gündogar we Günorta Aziýa sebitleriniň arasynda parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik köprüsidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara forumlar milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatyna dünýäniň belli kompaniýalarynyň we işewürleriniň ünsüni çekmekde, bu ugurda öňde durýan derwaýys wezipeleri, geljekki meýilleri ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrülýär. Şeýle halkara ähmiýetli çäreleriň biri hökmünde şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum aýratyn orna eýe bolup durýar.

Forumyň «Ygtybarly, durnukly, ekologik taýdan arassa energiýa maýa goýuň!» atly şygar bilen geçirilmegi soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeleriň bolup geçýändigi bilen baglylykda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek babatdaky tagallalara gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Kararnamalary kabul edildi.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hem zerur çäreler geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Energiýa serişdelerine baý tebigy gorlaryň näçe köp boldugysaýy, ondan ýerlikli peýdalanmagy başarmak şonça-da möhüm bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde energiýa serişdeleri babatda iň kuwwatly döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagy başarýar. Çünki döwletimiziň alyp barýan energetika diplomatiýasy umumadamzat ösüşiniň, dünýäde dost-doganlygyň berkemeginiň, iň esasy-da, Ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň dünýä ýaýylmagynyň hatyrasyna hyzmat edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy ulgamynyň işlerini has-da kämilleşdirmek we bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza çäksiz hoşallyklarymyzy bildirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ýurdumyzda beýik we taryhy özgertmeleriniň amala aşyrylýan döwründe ähli durmuşa geçirýän taryhy işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Begenç Myradow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri