JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine täze ýolbaşçy bellendi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisinde Bekdurdy Amansaryýewi pensiýa gidýändigi üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz B.Amansaryýewe döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitirendigini, oňat işlerini ýerine ýetirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz B.Amansaryýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» orden bilen sylaglady.

Döwlet Baştutanymyz Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine Merdan Gazakbayewi belläp, ony “Watan” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Sähermyrat Kakyşow Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Mundan başga-da, Tawus Kakaýewa “Watan” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Döwlet habarlar agentliginiň işgärlerini ýygnap, B.Amansaryýewe mynasyp bolan döwlet sylagyny dabaraly gowşuryp, zähmet rugsadyna ibermegi tabşyrdy.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri