DÜNÝÄ

Türkmenistanyň deputatlary üçin okuw maslahaty

20-23-nji fewral aralygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk işiniň halkara tejribesi boýunça dört günlük okuw maslahatyny gurnady.

Sazlaşykly işleýän kanunçylyk ulgamy netijeli döwlet dolandyryşyny, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaklygy we durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmegi üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir. USAID milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk edýär we durmuş-ykdysady hem-de döwlet dolandyryş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaklykda ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, USAID Türkmenistanyň deputatlary üçin parlament işi boýunça halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýan okuw maslahatlaryny gurnady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda parlament ulgamlaryny ýakyndan öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň parlamentarileri üçin okuw saparyny hem gurnamaklyga goldaw berdi.

USAID-iň dünýädäki kanunçykaryjylyk usullaryna bagyşlanan okuw maslahaty interaktiw sessiýalaryň, mysallary öwrenmekligiň we amaly ýumuşlary ýerine ýetirmegiň üsti bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerini berkitmeklerine ýardam berdi. Şeýle başlangyçlar arkaly, USAID Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň aýanlygynyň, hasabatlylygynyň we netijeliliginiň güýçlendirilmegine ýardam berýär we döwletiň durmuşy we ykdysady ösüşine goşant goşýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri