MEDENIÝET

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Şu ýylyň 24–30-njy noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwaly geçiriler. Bu sungat baýramçylygy Merkezi Aziýanyň hem-de türki dünýäsiniň baý kinematografiýa däplerini şöhlelendirjek meýdança öwrüler.

Üstümizdäki ýylda bu festiwala 8 ýurt – Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Türkiýe, Tatarystan we Saha Respublikasy gatanaşar.

Bu festiwala Türkmenistanyň kinorežissýorlarynyň surata düşürilen çeper filmleri hem gatnaşar. Olaryň hatarynda belli türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň Beýik Watançylyk urşy ýyllary baradaky “Daragt” filmi hem görkeziler.

Şeýle hem festiwalda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini açyp görkezýän çeper film hem kino tomaşaçylaryna hödürlener. Bu film golaýda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” halkara festiwalynda hem görkezilipdi.

Gazagystanaky halkara kinofestiwaly Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi tarapyndan guralýar. Onuň guramaçylaryň biri hem “Gazakfilm” milli kinostudiýasydyr.

Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” filmi mundan ozal, başga-da birnäçe halkara kinofestiwallarynda görkezilipdi we şu ýylyň maý aýynda XVII Çeboksary halkara film festiwalynda ýörite eminler baýragyna mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri