SPORT

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň “K” toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. Bu barada Makaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda belli boldy. “K” toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýaşlar ýygyndylaryň 43-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşerler.

Her toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar. Kataryň ýygyndysy final tapgyrynyň ýer eýesi hökmünde Yklym ýaryşyna gönümel gatnaşar.

Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama tapgyry (U-23):

  • “А” toparça: Iordaniýa (ýer eýesi), Siriýa, Oman, Bruneý.
  • “В” toparça: Koreýa Respublikasy (ýer eýesi), Mýanma, Gyrgyzystan, Katar.
  • “С” toparça: Wýetnam (ýer eýesi), Singapur, Ýemen, Guam.
  • “D” toparça: Ýaponiýa, Bahreýn (ýer eýesi), Palestina, Pakistan.
  • “Е” toparça: Özbegistan (ýer eýesi), Eýran, Hytaý Gonkongy, Owganystan.
  • “F” toparça: Yrak, Kuweýt (ýer eýesi), Gündogar Timor, Makao.
  • “G” toparça: BAE, Hindistan, Maldiwler, Hytaý (ýer eýesi).
  • “H” toparça: Taýland (ýer eýesi), Malaýziýa, Bangladeş, Filippinler.
  • “I” toparça: Awstraliýa, Täjigistan (ýer eýesi), Laos, KHDR.
  • “J” toparça: Saud Arabystany (ýer eýesi), Kamboja, Liwan, Mongoliýa.
  • “K” toparça: TÜRKMENISTAN, Indoneziýa (ýer eýesi), Hytaý Taýpeýi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi