MEDENIÝET

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy

Taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy. Goý, merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun! Merhumyň ýakynlaryna Allatagala sabyr bersin!

Almaz aga  Moskwanyň döwlet medeniýet institutynda bilim alýar. Instituty tamamlandan soňra Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ony ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna işe ýollaýar. Şol döwürden bäri onuň durmuşy, döredijiligi esasan kitaphana bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýar.
1963-nji ýyldan MYK-nyň baş bibliografy, 1965-nji ýyldan — ylmy bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1967-nji ýyldan — direktoryň ylmy işler boýunça  orunbasary, 1973-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2017-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kitaphananyň direktory wezipelerinde işläyar. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kitaphanaçylyk we bibliografiýaşynaslyk» kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýärdi.
Almaz aga  ýurdumyzda we daşary ýurtda çap edilen birnäçe kitabyň awtory. Almaz aga “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynda birnäçe makala bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, mydama ruhy goldaw hem berip geldi.. Ol şeýle hem www.atavatan-turkmenistan.com saýtyndaky onlarca makalanyň awtory.
Almaz aga we oňyn nusgalyk döredijiligi barada saýtymyzyň “Ýakymly ýatlamalar” sahypasyndaky Akgül Saparowanyň makalasyny okap bilersiňiz.
Makaladaky maglumatlara görä,  Almaz aganyň  maşgalasynda 4 ogul, 1 gyz perzentleri, 13 agtygy, 5 sany çowlugy bar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/almaz-yazberdiyew-oz-karinin-ussady/

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri