BIZNES

Türkmenistandaky internet-dükanlary nähili tertipde işleýär?

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Kanunlarynyň esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan “Harytlary uzak aralykdan ýerlemegiň düzgünnamasy” işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy. Bu barada döwlet habarlar agentliginiň synynda ýazylýar.

Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzda internet-dükanlaryň şu aşakdaky görnüşleri hereket edip biler:

internet-dükany hereket edýän dükan üçin goşmaça meýdança hökmünde;

diňe sargyt boýunça haryt getirijiniň ammaryndan, hem-de saýtyň üsti bilen söwda edýän internet-dükany;

özüniň ammary bolan we diňe saýtyň üsti bilen söwda edýän internet-dükany.

Şeýlelikde, internet-dükany özünde söwdanyň birnäçe görnüşlerini jemläp biler (öz ammaryndan we sargyt esasynda söwda). Şeýle hem internet-dükanlaryň üsti bilen satylmaýan harytlaryň sanawy kesgitlenildi. Olar hususan-da, alkogolly içgiler, temmäki önümleri, biologik goşundylar, audiowizual eserler we ses ýazgylary ýaly önümlerdir.

Gymmat metallardan we gymmat bahaly daşlardan taýýarlanylan önümleriň söwdasy Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk esasynda amala aşyrylyp bilner.

Ýuridik şahslar we internet arkaly söwda edýän hususy telekeçiler elektron kassa enjamlaryny hökman ulanmalydyr hem-de töleg terminaly arkaly hasaplaşyklaryň netijesini aýan etmelidir. Kassa çeki haryda töleg geçirilen mahaly berilýär.

Eger-de bu barada has içgin öwrenmek isleseňiz aşakdaky habary hem okap bilersiňiz!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär

Türkmen telekeçileri Iordaniýadaky abraýly oba hojalyk sergisine çagyrylýar

Türkiýäniň türki döwletlerine eksporty artýar

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär