JEMGYÝET

Türkmenistandaky eýranlylar prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry üçin ses berdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün  Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistandaky Eýranyň raýatlary üçin  iki şäherde – Aşgabatda we Maryda saýlaw uçastogy döredildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa – da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini bermek mümkinçiligine eýe boldular.

Lotfabad we Aşgabat terminallarynda eýranly sürüjileriň seslerini ýygnamak üçin hem mobil gutusy hereket etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň 1-nji tapgyry geçen hepde geçdi we dalaşgärler Masud Pezeşkian we Said Jalili saýlawyň ikinji tapgyryna geçdiler.

Bu ýerde “Ata Watan Media” toparynyň sowallaryna jogap beren  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani saýlawlardan soňra Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň merhum Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň ýolundan dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Eýranyň ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň täze ýolbaşçysynyň döwründe-de türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda has-da pugtalanjakdygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri