BIZNES

Türkmenistanda zyňyndy plastik gaplardan sintetop öndüriler

Türkmenistanda ilat tarapyndan ulanylyp we zir-zibil bolup galýan plastik gaplar gaýtadan işlenilip, täze bir önümiň tehnologiýasy düzüldi. Bu tehnologiýanyň maksady zyňyndy plastik gaplary çig mal hökmünde ulanyp, ilata ýaramly harydy, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän egin-eşik dokma senagatyna ýa-da degişli kärhanalara gerekli çig mal bolan emeli süýümi (sintepon) hödürleýär. Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berildi.

Izolýasiýa (daşyny örtme) üçin ulanylýan iň meşhur serişdeleriň biri hem emeli süýümdir. Onuň egin-eşik öndürmekde we gündelik durmuşda ulanylýandygyny köpler bilýär. Inçe poliester köplenç pagta ýa-da ýüň goşulan ýüplükleriň birnäçe gatlagynda durýar. Her aýratyn gatlakda süýümler bir tarapa gönükdirilendir we bir-birine baglydyr. Haçan-da termiki taýdan baglanyşdyrylanda, süýümler ýokary temperaturanyň täsiri astynda birleşip, sowukdan gowy goraýan we ýuwlanda deformasiýa etmeýän, ýagny, görnüşi üýtgemeýän dykyz matany emele getirýär.

Bu süýüm adaty süýümlere garanda, ýeňil agramly hem-de ýuwlandan soňra çalt dikelýändigi bilen tapawutlanýar. Çyglylygy siňdirmeýär we saklamaýar. Taýýarlanylan süýüm käbir ýüňlerden tapawutlylykda, allergiýa täsirini döretmeýär. Doly işlenilip alynmagy göz öňünde tutulýan süýümiň ählitaraplaýyn amatly bolmagyna garaşylýar.

Emeli süýümleriň birnäçe görnüşleri bolup, olar: şerstepon, sintepuh, hollofaýber ýaly görnüşlerdir. Emeli süýümler mebel önümçiliginde, bezeg önümlerinde, ýumşak oýunjaklar taýýarlanylanda, süzgüç serişdesi hökmünde, gurluşyk işlerinde gyzdyryjy hökmünde, şeýle hem çig mal hökmünde ulanylýar.

 

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolýar

 

 

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi