JEMGYÝET

Türkmenistanda ýylyň ussat bagbany belli boldy

Her ýylda bagbanlaryň arasynda geçirilýän “Ussat bagban” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu hünär bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilelikde geçirdi. Bu barada Halkara Habarlar merkezi habar berýär.

Bu günki bäsleşikde onuň welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagbanlar ýaryşdylar.

“Ussat bagban” bäsleşigi birnäçe maksatlary öz içine alýar. Olaryň iň esasysy ussat bagbanlary ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmak bolup durýar. Şeýle hem olaryň baglarynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli miweli agaçlaryň has-da köpeldilmegine ýardam bermek bäsleşigiň maksatlarynyň biridir.

Bäsleşigiň başynda teatr artistleriniň ýerine ýetiren sahnalaryna tomaşa edildi, sungat ussatlarynyň aýdymlary diňlenildi.

Bäsleşik üç şert boýunça dowam etdi. Birinji şerte laýyklykda, bagbanlar Türkmenistanyň gözel tebigatyny, türkmen topragynda ýetişýän datly miweleri wasp etdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa, bagbanlarda öz kärende we berkidilen ýerlerinde ýetişdirýän baglary barada wideoşekilleriň üsti bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem köp ýyllarda toplan tejribelerini paýlaşdylar. “Ussat bagban” bäsleşiginiň soňky şertine laýyklykda, bagbanlar ýörite taýýarlanan sowalnamalar esasynda bagbançylyk hünäri, ekologiýa, tebigaty goramak baradaky soraglara jogap berdiler.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde, eminler topary tarapyndan Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň kärendeçisi Döwletjan Öwezmyradow Baş baýraga mynasyp görüldi.

Döwletjan Öwezmyradow öz mellek ýerinde hurma agajynyň ýüzden gowrak görnüşini ýetişdirýär. Her düýp hurma agajyndan 100-den 150 kilograma çenli hasyl alýar. Şeýle hem 50 düýp limon agajyny ýetişdirýär. Her düýp limon agajy 700-900 sany limon hasylyny getirýär.

Oraznepes Öwezgeldiýew bu bäsleşige birinji gezek gatnaşdy. Ol 3 gektar ýerde dürli nahallary ýetişdirýär. Olaryň hatarynda çynaryň, ýasiniň, meliniň we klýonyň jemi 10 000 düýpden gowragy bar. Arça, sosna, tuýa nahallaryny hem ýetişdirýär. 7 gektar ýerde bolsa şetdaly, erik, hurma, badam, garaly ýaly miweli baglaryň hersiniň 5000 düýpden gowragyny ýetişdirýär.

Bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky ha­ýyr-sa­ha­wat gaznasynyň baýdagy döredildi

Arkadag şäherinde çagalaryň geljegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri