BILIM

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlady

Düýn paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere okamaga, döwrebap bilim almaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda hem ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän zehinli ýaşlaryň müňlerçesi synaglarda öz saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Adatça, her bir dalaşgär öz saýlan hünäri boýunça ýörite taýýarlanan sowalnamalary çekip, oňa doly we dogry jogap bermeli. Birinji synagdan üstünlikli geçen dalaşgärler, ikinji synaga taýýarlyk görerler. Jemi üç synagdan gowy netije gazanyp, okuwa kabul edilen ýaşlarymyz häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen ajaýyp binalarda saýlan hünärleri boýunça bilim alarlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, täze okuw ýylyndan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary