BILIM

Türkmenistanda ýaşlaryň 107-si ylmy bäsleşigiň ýeňijisi boldular

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşik geçirilýär. Şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda alty ugur boýunça ylmy bäsleşigiň geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak baradaky teklibi makullady.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary