JEMGYÝET

Türkmenistanda “Sputnik Laýt” waksinasy buster sanjymy hökmünde kabul edýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz  GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşdy. Bu sammit Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşyklaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şol sammitlerde diňe şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenmän, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler we bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Esasy sebit we halkara meseleler boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär.

Bu sammitde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Prezident Wladimir Putine bu ugurda edýän kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň goldaw bermeginiň netijesinde, Türkmenistan ilkinjileriň biri bolup, “Sputnik V” we “Epiwakkorona” waksinalaryny bellige alandygy, häzirki günde Türkmenistanyň ilaty şol waksinalar bilen sanjylandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaňy-ýakynda “Sputnik Laýt” waksinasyna alandyklaryny belläp, onuň buster sanjymy hökmünde kabul edilýändigini mälim etdi.

Milli Liderimiz şeýle hem täze başlangylaryň birnäçe bilen çykyş etdi. Ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi.

Hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň giňişliginde biologik howpsuzlygyň howplary barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini belledi.

 

Putin: GDA ýurtlaryna koronawirusyň genomyny öwrenmäge kömek ederis

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerine Gün panelleri oturdylar

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi