BIZNES

Türkmenistanda Özbegistanyň milli sergisi geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň milli sergisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Hökümet mejlisinde belläp geçdi.

“Watan” habarar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýuna durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzyň ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu nuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagynda şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini we ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz bu teklibi makullap, wise-premýere öňde boljak çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň milli harytlarynyň sergisi geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder