BIZNES

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany dörediler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B. Atdaýew «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, bu işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi