Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Akdepe hyzmat” hojalyk jemgyýeti “Iner” haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň önümçiligi ýokary derejede alyp barmak bilen, mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada tstb.gov.tm internet ne\irinde habar berildi.
Bu görnüşli peýnirler, aslynda, gara gäwmüşiň süýdünden taýýarlanylsa-da, “Akdepe hyzmat” öz önümçiliginde sygyr süýdünden peýdalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kompaniýa mosarella peýniriniň önümçiligini ýurdumyzda ilkinji bolup ýola goýdy.
Häzirki wagtda bu peýnir ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradylmak bilen, oňa, esasan, restoranlar uly isleg bildirýärler. Şundan ugur alyp, hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri 2 görnüşde öndürilýän bu peýniriň önümçiligini geljekde has-da giňeltmegi maksat edinýändiklerini belleýärler. 4,2 gektar meýdany tutýan kärhanada Italiýa, Awstriýa, Germaniýa ýaly öňdebaryjy Ýewropa ýurtlarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylypdyr. Şonuň üçin-de, ýyllyk kuwwatlylygy 1 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanada işler barha ilerleýär.
Bu ýerdäki enjamlaryň aýratynlyklary boýunça ýörite okuwlary geçen hünärmenleriň tagallasy bilen, “Akdepe hyzmat” hojalyk jemgyýetinde mosarella peýnirinden başga-da, ýogurdyň 4 görnüşi, 10%-li hem-de 15%-li 2 görnüşli gaýmak, 3,2%-li pasterizirlenen süýt, 0,5 hem-de 1 litrlik gaplara gaplanýan gatyk öndürilýär.
