BILIM

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady.Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berýär.

«E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.

Okuwçynyň okuw sapaklarynda alan bahalary «E-mekdep» ulgamynyň ýörite programmalarynyň, enjamlarynyň we algoritmleriniň üsti bilen seljerilip, onuň haýsy okuw derslerine has köp höwesiniň bardygyny aňsatlyk bilen kesgitlemek mümkin. Şeýle hem, bu ulgam arkaly ata-eneler mugallymlar bilen aragatnaşygy döwrebap usulda guramaga mümkinçilik alarlar, olar mugallymyň bellikleri, okadýan mugallymlar barada maglumatlar bilen tanşyp bilerler.

Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy, beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde bu platformanyň ýola goýulmagy boýunça işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek, «E-mekdep» ulgamy dünýäde bilim ulgamynyň ösen ähli ýurtlarynda ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilim edaralarynda okuwlaryň iň häzirki zaman usuly arkaly ýola goýulmagyna, bilim edarasy bilen okuwçynyň arasyndaky baglanyşygyň sanly usul arkaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde «E-mekdep» ulgamynyň daşary ýurt döwletlerindäki ugurdaş platformalardan tapawutlylykda, okuwçynyň şahsy bilim ýolunyň seljerme modulyny hödürleýändigi aýratyn bellärliklidir.

«E-mekdep» ulgamyny ornaşdyrmak işine 2021-nji ýylda başlanylyp, şondan bäri ol birnäçe orta mekdeplerde synagdan geçirildi hem-de kämil derejä ýetirildi. Bu ulgamyň täze okuw ýylyndan doly derejede işe girizilmegi orta mekdeplerde berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamyny doly işjeň ýagdaýynda «Google Play» ýa-da «Appstore»-dan «emekdep» sözüni gözlemek arkaly, onuň mobil goşundysyny göçürip alyp bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň duşuşygy: bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi

Ata Watan Eserleri

Ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlyk

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar geçiriler

ABŞ-da mugallymlar üçin tejribe gazanmak mümkinçiligi

Koreýa Respublikasynda talyp hakly bilim almak mümkinçiligi