Azerbaýjanyň Türkmenistandaky İlçihanasynda 28-nji maý – Garaşsyzlyk Güni mynasybetli resmi kabul edilşik geçirildi. Ilçihananyň öz binasynda geçirilen kabul edişlik dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Resmi kabul edişlik dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, daşary ýurtly ilçiler we köp sanly myhmanlara gatnaşdy. Dabara iki ýurduň döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Soňra Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow öz çykyşynda 106 ýyl mundan öň garaşsyzlygyny gazanan Azerbaýjanyň häzirki wagtda ýurduň Prezidenti Ilham Alyýewiň ýolbaşçylygynda okgunly ösüş ýoluna gadam basandygyny belledi.
Gismat Gozalow çykyşynda Azerbaýjanyň esasy energetika we ulag taslamalary, şol sanda Günorta Gaz geçelgesi we Baku-Tbilisi-Jeýhan nebitgeçirijisi taslamalary, şeýle hem Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag ugurlary, hem-de Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirjek elektrik togy ýaly iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşandygyny belläp geçdi.
Ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, soňky döwürde iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlaryň netijesinde, strategiki gatnaşyklaryň has-da pugtalanandygyny belläp, geçen ýyl söwda dolanyşygynyň 75 göterim ýokarlanyp, onuň 800 million ABŞ-nyň dollaryna golaýdygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigini, howanyň üýtgemegi we alternatiw energiýa bilen baglanyşykly iki ýurtda-da möhüm işleriň edilýändigini belläp, Ilçi 2024-nji ýyl Azerbaýjanda “Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly” diýlip yglan edilendigi belläp geçdi. Şu ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Howanyň Üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna Taraplaryň Konferensiýasynyň 29-njy mejlisiniň (COP29) Azerbaýjanda geçirilmeginiň ýurduň dünýä jemgyýetçiliginiň ygtybarly hyzmatdaş döwletidiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew öz çykyşynda Azerbaýjan Respublikasyny milli baýramçylygy bilen gutlap, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine güýçli itergi berendigini belledi.
Dabarada Azerbaýjanyň aýdym-sazlary ýaňlandy. Myhmanlara Azerbaýjanyň milli aşhanasyndan tagamlar hödürlendi.
Şol bir wagtyň özünde, çäräniň dowmynda ýurduň taryhy, medeniýeti, sungaty, haly sungaty we syýahatçylyk mümkinçiligi, milli saz gurallary, şeýle hem “Made in Azerbaijan” marka önümleri görkezildi.