BIZNES

Türkmenistanda 3 sany gämi gurluşygy maliýeleşdiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň 3 sany gämi gurluşyk taslamalaryny daşary ýurt karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meseleleri barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde berlen hasabatda dürli kysymly gämileriň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Yslam ösüş bankyndan we OPEK halkara ösüş gaznasyndan 2 sany “RO-RO” görnüşli gämini we bir ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek boýunça karz serişdelerini bermek barada teklipler gelip gowuşdy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, OPEK halkara ösüş gaznasy tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. OPEK gaznasynyň täze maliýeleşdirmek başlangyjy 10 döwletde, şol sanda Türkmenistanda hem döwlet pudaklaryndaky taslamalary goldamakdan ybaratdyr. Gazna Türkmenistanyň “Söwda deňiz floty” taslamasy üçin 45 million dollar möçberinde karz maliýe serişdelerini bölüp berer.

 

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky käbir ylalaşyklar tassyklandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary