JEMGYÝET

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary belli boldy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda wagyz etmek maksady bilen halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, syýasy partiýalardan 2021-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hakynda köp sanly teklipler gelip gowuşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda we 12-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlislerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy barada aýtmak bilen, bu senäni mynasyp garşylamak, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany kabul edendigini göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň nyşanynyň üstünde işlemek hem-de bu barada teklip bermek, şeýle hem geljek ýyly “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrmak baradaky teklibi ara alyp maslahatlaşmak barada tabşyryk berendigi Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky bilelikdäki mejlisinde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde geljek ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň teklip edilendigini belläp, bu teklibi tassyklady. Milli Liderimiz geljek ýylyň şygarynyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilipdi.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy