JEMGYÝET

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Wise-premýer döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan ýörite dokalan halyny sowgat hökmünde gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ahmet Demirok: Türkmenistanda Türkiýä wekilçilik etmek türk diplomaty üçin uly buýsançdyr

ABŞ Türkmenistan raýatlary üçin käbir wiza çäklendirmelerini aradan aýyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov