Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz şu günki güne çenli ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Bilşimiz ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça 1999-njy Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty we 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli dessury goşuldy. Bu sanawa 2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty hem goşuldy.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmaga birnäçe hödürnamalar işlenilip taýýarlanylýar. Golaýda Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mady däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn şertnamalaryna gatnaşýar. Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek, geljekde bolsa ýurdumyzyň şäherleriniň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmak maksat edinilýär.