SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň giň gerimi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we seljermek, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. bu ugurda halkara guramalar, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz şu günki güne çenli ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňpdebaryjy ähmiýeti eýeleýändir, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýandyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz  Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly ÝUNESKO burçy döredildi.

Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli çäreler toplumy ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam eder. Çäreleriň jemleýjisini bolsa, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şu ýylyň oktýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Läle Muhadowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri