DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň 17-21-nji mart aralygynda Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; Energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky Utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işlemek teklip edilýär.

Ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany düzmek; şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Adam hukuklary boýunça Dialogy Aşgabatda geçirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri