Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bilen hem duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere esaslanan köptaraply gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýandygy bellenildi.
Bellenilişi ýaly, dürli derejedäki, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklara, şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklaryna uly ähmiýet berilýär.
Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.
* * *
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda dürli derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň, hususan-da, energetika ulgamynda gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy serişdeleriniň we bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmaga ylalaşdylar.