JEMGYÝET

Türkmenistan Tatarystandaky daşary ýurtly talyplaryň sanawynda birinji orunda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bir günlük sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderine Türkmenistan-Russiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Rustam Minnihanowy ýüzlenip: “Sizi myhmansöýer dognalyk Türkmenistanda görmekden örän şat. Siz türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köp işleri alyp barýarsyňyz. Biz muňa örän uly ähmiýet berýäris. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem üstünlikli ösdürilýär” diýip, belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň nebit ýataklaryny gözlemek, tebigy gazy daşamak, energetika we hmiýa önümleriniň üpjünçiligi ýaly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ugurlary, şeýle hem bilim we syýahatçylyk hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar. Türkmenistan Tatarystanda bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sanawynda birinji orunda durýar. Tatarystandaky türkmen talyplarynyň sany 6281-e deňdir.

Rustam Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygyny şu ýylyň maýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykdan soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän söwda toplumynyň sergisine baryp gördi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi