BILIM

Türkmenistan Tatarystandaky bilim ministrleriniň forumyna gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda bilim ministrleriniň halkara forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Ikinji gezek geçirilýän bu foruma 40-dan gowrak döwletden 150-ä golaý wekiliýet gatnaşdy. Onuň çäklerinde bilim bermegiň döwrebap usullary, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny düzmek, mekdep okuwçylaryny halkara olimpiadalara taýýarlamak, sanly bilim ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem halkara forumyň çäklerinde bilim we ylym ugruna degişli giň gerimli sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda okuw kitaplary, çagalara bilim bermek üçin dürli esbaplar, mekdeplerde biologiýa, himiýa, fizika ýaly dersleri okatmak üçin zerur bolan gollanmalar we esbaplar tanyşdyryldy.

Halkara foruma Afrikanyň köp snaly ýurdundan, şeýle hem Owganystandan hem wekiliýet gatnaşdy.

Häzirki wagtda Russiýada 350 müňden gowrak daşary ýurtly talyp okaýar. Dünýädäki rus bilimine bolan gyzyklanma artýar. 2030-njy ýyla çenli Russiýa ýarym million daşary ýurtly talyp kabul etmäge taýýarlyk görýär.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary