DÜNÝÄ

Türkmenistan Russiýadaky halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 5-8-nji iýun aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Halkara ykdysady foruma gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmen wekiliýeti bu forumyň çäklerinde birnäçüe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, şeýle hem  forumyň çäklerinde köptaraplaýyn çärelere gatnaşar.

Sankt-Peterburg şäherinde 1997-nji ýyldan bäri geçirilýän, bu forum 27-nji gezek geçiriler. Şu ýylky forumyň esasy temasy: “Köppolýarly dünýäniň binýady –  täze ösüş ugurlaryny kesgitlemek”.
120 töweregi ýurtdan 10 müňden gowrak wekili özünde jemleýän bu çäre şu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we öňdebaryjy telekeçileri bir ýere jemledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri