DÜNÝÄ

Türkmenistan, Owganystan we Gazagystan iri logistika merkezini döreder

Owganystan Türkmenistan we Gazagystan bilen bilelikde Hyrat welaýatynda iri logistika merkezini gurmak babatda ylalaşyk gazandy. Bu logisitka merkeziniň sebitleýin söwdasyny ösdürmek üçin dörediljekdigi bellenildi.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Azizi “Reuters” habarlar gullugyna beren beýanatynda bu ugurda degişli ylalaşygyň golaýda Kabulda geçirilen Owganystan-Türkmenistan-Gazagystan üçtaraplaýyn duşuşykda gazanylandygyny habar berdi. Azizi bu ugurda 6 aýa golaý gepleşikleriň geçirilendigini belläp, ýene-de 2 aýdan taraplar degişli ylalaşygyň taslamasyny taýýarlajakdygyny aýtdy.

– Hyrat welaýatynda Owganystanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň maýa goýumlary bilen logistika merkezi dörediler. Bu hem Demirgazyk-Günorta Aziýa ulag geçelgesiniň ugrunda gurlar. Bu logistika merkezinden nebit önümlerini Pakistan we beýleki Günorta Aziýa döwletlerine daşamak mümkinçiligi dörär – diýip Azizi belledi.

Onuň bellemegine görä, ilkinji tapgyrda Hyradyň ulag ugry boýunça uglewodorod serişdeleriniň daşamak kuwwaty 1 million tonna deň bolar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri