BIZNES

Türkmenistan möhüm Konwensiýa goşulýar: Halkara arbitraž

Türkmenistan daşary ýurt göni maýa goýumlaryň ýurduň çägine çekilmegi ulgamynda örän möhüm kabul edilýän Konwensiýalaryň iň esasylarynyň biri bolan «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Kanuny kabul etdi. Türkmenistan bu ulgamdaky beýleki iň möhüm Konwensiýa- Washington Konwensiýasyna bolsa öň goşulypdy. Hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowyň halkara arbitraž ulgamynda, esasan hem New Ýork we Washington Konwensiýalary baradaky ýerli we daşary ýurt metbugatynda çykan birnäçe makalasynyň bardygyny hasaba alyp, bu Konwensiýalaryň ähmiýeti baradaky makalalary iň gysga wagtda Siziň  dykgatyňyza ýetireris.

Ýakynda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Olaryň arasynda «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Kanun hem bar. Bellemeli zat, täze kanun taslamalaryň arasynda halkara söwda ulgamynda möhüm resminamalaryň biri bolan «Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Kanun taslamasy hem bar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahatynda Deputatlar gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda», «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga hem-de gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga goşulmak hakynda» Kanunyň taslamalaryna hem garadylar.

Mundan başga-da, deputatlar «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy