JEMGYÝET

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Malaýziýa ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Malaýziýanyň 2025-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginde (ASEAN) başlyklyk etjekdigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişmek teklip edilýär. Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.

Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen 14 sany döwletara, hökümetara, pudagara resminama gol çekildi we kabul edildi.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi