JEMGYÝET

Türkmenistan koronawirusyň “omikron” görnüşine garşy göreşi güýçlendirýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalary bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyza ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň (koronawirus) aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda eden çykyşynda ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak babatda möhüm çözgütleriň kabul edilendigini belledi. Bu keseliň öňüni almak üçin öz wagtynda toplumlaýyn çäreleriň görlendigini bellän milli Liderimiz zerur bolan waksinalaryň satyn alnandygyny, häzirki döwürde ilata sanjym geçirmek işleriniň dowam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu meselede hiç haçan arkaýynlaşmaly däldiklerini belläp, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň döreýändigini, hususan-da, köp sanly ýurtlarda täze “omikron” görnüşiniň ýaýrap başlandygyny, bu ýokançlygyň ýurtdan ýurda ýaýramagynyň ýollarynyň bellidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz onuň adamlaryň we harytlaryň serhetden geçmegi arkaly ýaýraýandygyny mälim etdi.

Maslahatda Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy N.Atagaraýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat bilen çykyş etdi.

Edilen çykyşlarda ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem koronawirus ýokanjynyň täze görnüşine garşy durmak, serhetden geçýän harytlaryň üsti bilen bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýokanç kesellere garşy öňüni alyş işlerini güýçlendirmek boýunça mundan hem beýläk zerur çäreleri geçirmek maksady bilen şu tabşyryklary berdi:

  • Ýurdumyzyň bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň halkymyzyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň üpjünçilik ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.
  • Ýurdumyz boýunça azyk harytlaryň ätiýaçlyk gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli seljermeli, olaryň ýeterlik möçberini goramak boýunça dahylly ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimlikleriň we ýerli edaralar bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmeli.
  • Daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda, zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegini berk gözegçilikde saklamaly.
  • Daşary ýurt döwletlerinden ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň gümrük amallarynyň bellenilen kadalaryna laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini hem-de tiz wagtda bazarlara we söwda nokatlaryna gowuşmagyny üpjün etmek boýunça dahylly ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimlikler we ýerli edaralar bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmaly.
  • Aşgabat şäherine gelýän, welaýatlara garaýol ugry boýunça hereket edýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçýän azyk harytlaryny alyp barýan ýük awtoulaglarynyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmeli.

 

Kawani “Barselona” geçmekçi ýöne…

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär