BILIM

Türkmenistan – Katar: bilim ulgamynda gatnaşyklar ösdürilýär

Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň adyndan duşuşyga Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi, Katar tarapyndan bolsa ýokary bilim meseleleri boýunça ministriň orunbasary Hareb Mohammed Said El Gaberi gatnaşdy.

Duşuşygyň açylyşynda, Bilim ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Bilim ministrligi Katar Döwletiniň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 19-20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Katar Döwletine edilen resmi saparyň türkmen-katar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny aýtdy.

Ýokary bilim meseleleri boýunça ministriň orunbasary Hareb Mohammed Said El Gaberi, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi we geljekde hem bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Katar Döwletiniň bilim ulgamyny özgertmek tejribesini öwrenmek, türkmen talyplary we mugallymlary üçin gysga möhletli okuw maksatnamalary guramak, bilelikdäki ylmy barlaglar we neşirler, şeýle hem ýaşyl tehnologiýalar, emeli intellekt we biotehnologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýan “Ýol kartasynyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de Katar Gaznasynyň bilim edaralaryny dolandyrmak boýunça tejribesini öwrenmek, bilim görkezijilerini yzarlamak we seljermek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, STEM usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak we uniwersitetleri innowasion ekoulgamynyň subýektleri hökmünde ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, bilimde sanlylaşdyrmak we Learning Analytics gurallaryny ulanmak arkaly şahsy bilim ýollaryny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, türkmen tarapy Katar Döwletiniň Bilim, Ylym we Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini, bu hyzmatdaşlygyň bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda agzalan özara pikir alyşmalar netijesinde bu “Ýol kartasynyň” taslamasy bilen taraplar ylalaşýandygyny mälim etdiler hem-de ony iş ýüzünde amal etmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Netijede, taraplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Katar döwletiniň bilim we ýokary bilim ministrliginiň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan “Ýol kartasynyň” iki ýurduň bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim boljakdygyny bellediler. Kesgitlenen ugurlar boýunça meýilnamalaryň amala aşyrylmagy, iki ýurduň ýaşlary we mugallymlary üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem bilim ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy we özgerdilmegi babatynda tejribe alyşmaga ýardam eder. Taraplar bilelikdäki başlangyçlar Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ýokary hilli bilim we innowasiýalaryň ösüşi babatda hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri döreder diýip bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar