BIZNES

Türkmenistan harytlaryň gelip çykýan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirýär

Türkmenistanda harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça işler geçirildi. Bu işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowyň döwlet Baştutanyna beren hasabatynda hem aýdylyşy ýaly, 2019-njy ýylda kabul edilen harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Ýurdumyzyň çäginde aýratyn häsiýetleri şu geografik ýer üçin mahsus bolan tebigy şertler we etnografik ugurlar bilen kesgitlenen harydy öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralary Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli düzümler bilen bilelikde harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryna degişli meseleleri düzgünleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda senagat toplumyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň içerki bazarlary dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümler bilen doly üpjün etmäge gönükdirilýändigini aýtdy.

Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini kepillendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär diýip, milletiň Lideri belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär